Geçen ýylyň dekabr aýynda bilelikdäki Ähtnama gol çekişen «Balkan» gämi gurluşyk kärhanasy bilen Russiýanyň «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özara hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimine girişerler. Taraplar ilkinji ädimde «Finwal» görnüşli ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygyny bilelikde alyp barmagy meýilleşdirýärler.
Bu babatda ýakynda Bilelikdäki türkmen-rus iş toparynyň onlaýn görnüşdäki ilkinji duşuşygy geçirildi.
Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan berilýän habara görä, onlaýn çäräniň çäginde taraplar «Finwal» görnüşindäki iki sany köpugurly ýük gämisini gurmak üçin taslama, ony maliýeleşdirmegiň şertleri, kanuny taraplary, taslamanyň üstünde işlemek üçin teklip edilýän hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu işler iki döwletiň hyzmatdaş kärhanalarynyň arasynda alnyp barlar.
Şeýle hem rus tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna dürli görnüşli gämileriň gurluşygy, bu gurluşygy amala aşyrjak hünärmenleri taýýarlamak, toplanan tejribäni we tehnologik mümkinçilikleri paýlaşmak ýaly işlerde kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!