BIZNES

“Hugo Boss” markasynyň taryhy

Hugo Ferdinand Boss 1885-nji ýylda dünýä inýär.  Egin-eşik tikmegi  eje-kakasyndan täsirlenip, 1924-nji ýylda egin-eşik kompaniýasyny gurýar.Soňra bu kompaniýa ýapylyp, 6 sany tikin maşyny satyn alyp,  tekstil işlerine täzeden girişdi. Egin-eşikler tikip, satyp başlady. Hugo Boss 1948-nji ýylda aradan çykdy. Soňra kompaniýanyň başyna öweý ogly Eugen Holy geçdi, ol şol günden başlap, taýýar egin-eşikleri öndürip başlady.

1969-njy ýylda Holynyň ogullary Jochen we Uwe kompaniýanyň başyna geçdi. Bular kompaniýanyň başyna geçenden soňra, marka dünýä ýüzüne meşhurlyk gazanyp başlady. Marka meşhur golf we tennis organizasýonlaryna sponsor bolup, öňe saýlanmagy başardy. 1954-nji ýylda “Boss” atyrlary öndürilip başlady. Kompaniýany 1991-nji ýylda Mazotta  tekstil topary  satyn aldy. Soňra olar     ABŞ-a, Hytaýa ýollaryny giňeldip başladylar.

“Hugo Boss” markasy häzirki wagtda öndüren önümleri bilen dünýäde iň iri markalaryň birine öwrüldi..

Dünýäde ilkinji gazet  haçan döräpdir?

 

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri