Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetinda bananyň şitilini ýetişdirmek işleri dowam edýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
Has takygy, hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasyndaky 0,5 gektarlyk ýerde bananyň 800 şitili ýetişdirildi. Olar 1-2 aýlyk bolandan, hemişelik oturjak ýerlerine göçürmäge ýaramly bolýar.
«Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasy 1 gektar meýdanda ýerleşip, onda 2 müň düýp banan ösümligi idedilýär. Bu ýerde bananyň ýerli şertlere uýgunlaşan «Grand Nain» görnüşi ösdürilýär.
Subtropik ösümligiň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň ýylboýy hasyl berýänligidir. Geçen ýyl gektaryna 51 tonna banan alnan bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda bu görkezijini 60 tonna ýetirmek, geljekde ýyladyşhananyň meýdanyny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Öndürilen önüm, esasan, welaýatyň çäginde ýerlenilýär.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!