SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa we Braziliýada köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň köp sanly ýurdunda köpçülikleýin sanjym etmek işlerine girişilýär.  Häzirki wagtda dünýäniň 46 ýurdunda sanjym işleri alnyp barylýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi Marianžela Simao belläp geçýär.

Amerika yklymyndaky Braziliýanyň hökümeti “CoronaVac” hem-de “AstraZeneca” sanjymlaryny gyssagly ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýurtda ilkinji sanjym 54 ýaşyndaky şepagat uýasyna uruldy. Ýurtda ilkinji tapgyrda 8 million doza sanjymyň edilmegine garaşylýar.

Ýurtda boýunça şu ýylyň dowamynda 350 milliondan gowrak sanjym alynmagy meýilleşdirilýär. Olaryň 212,4 milliony Oksford uniwersiteti bilen “AstraZeneca” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymy, 100 milliony bolsa Hytaýyň “Sinovac” kompaniýasynyň “CoronaVac” sanjymy bolar.

RUSSIÝADA HEM SANJYMA BAŞLANDY

Ýurduň raýatlaryna iki sany hasaba alnan “Sputnik V” ýa-da “Epiwakkorona” sanjymy mugt almaga mümkinçilik döredildi.

18-nji ýanwardan ilatyň isleg bildirýän ähli gatlaklaryna sanjym etmek işi köpçülikleýin ýagdaýda başlanmagyna rugsta berildi. Ýurduň Prezidenti Wladimir Putin köpçülikleýin sanjyma girişmäge rugsat berdi. 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýurtda lukmanlaryň, mugallymlaryň hem-de dowamly keselleri bolan raýatlaryň sanjym edilmegine girişildi.

18-nji ýanwardan isleg bildirýän ähli raýatlaryň sanjym edilmegine mümkinçilik döredildi. Munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenildi.

Köpçülikleýin sanjymyň birinji ýylynda ilatyň 60 göterimini sanjym etmek meýilleşdirilýär.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler