SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda köpçülikleýin sanjym

“Covid-19” sanjymy Hytaýdaky töwekgelçilikli toparlara ulanylyp başlandy. Hytaýyň paýtagty Pekinde başlanan köpçülikleýin sanjymda “Sinovac” we “Sinopharm” jemgyýetçilik derman kärhanalary tarapyndan işlenip düzülen sanjymlar ulanyldy.

Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugynyň habaryna görä, sanjymlaryň ilkinji dozasy hepdäniň ahyrynda Pekindäki 220 sanjym merkezinde 73 müň 537 adama berildi.

Köpçülikleýin sanjymda ilkinjileriň hatarynda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerini barlagdan geçirýän hem-de ýük we ulag pudagynyň 18-59 ýaş aralygyndaky işgärlerine sanjym edildi.

Sanjymda “Sinovac” we “Sinopharm” jemgyýetçilik derman kärhanalary tarapyndan işlenip düzülen işjeň däl sanjymlar ulanyldy. Sanjymlaryň ikisinde-de wirusy gowşadyp, täsirini aradan aýyryjy güýji bar.

Milli lukmançylyk enjamlary edarasy, “Sinopharm” tarapyndan Pekiniň biologiýa önümleri instituty bilen işlenip düzülen sanjym üçin 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda “şertli bazara çykarmak” babatda rugsatnama beripdi.

Pekiniň ýolbaşçylygy geçen ýylyň sentýabr aýynda “Sinopharmyň” iki sanjymynyň hem gyssagly ulanylmagyny tassyklapdy. Kompaniýa geçen ýylyň noýabr aýynda eden beýanatynda, bu sanjymlaryň  adatdan daşary ýagdaýyň çäginde 1 million adama berlendigini habar beripdi.

“Sinovac” sanjymy iýul aýyndan bäri adatdan daşary ýagdaýyň çäginde töwekgelçilik toparlaryna-da çaklendirilen görnüşde ulanylyp gelinýärdi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar