SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa koronawirus sanjymynyň önümçiligini giňelder

“Sputnik V” koronawirus keseline garşy sanjymyny öndürmäge üçünji rus kompaniýasy hukugyny aldy diýip, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berýär. Bu sanjymy Gamaleýa merkeziniň “Medgamal” şahamçasyndan we “Binnofarm” paýdarlar jemgyýetinden başga-da, indi “Generium” barlag we önümçilik kompaniýasy hem öndürip başlar. Bu kompaniýanyň goşulmagynyň sebäbi, täze önümçilik meýdançalarynda öndürilen sanjymlaryň mukdaryny artdyrar diýip, Saglygy goraýyş ministrligi belleýär.

Pandemiýanyň garşysyna Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy, awgust aýynyň 11-ine dünýäde ilkinji bolup hasaba alyndy. “Sputnik V” sanjymy Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F.Gamaleýanyň adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda Russiýada Çumakowa adyndaky immunobiologiki taýýarlyklar federal barlag we ösüş merkezi tarapyndan döredilen üçünji sanjymy synagdan geçirýändigini habar berýärler. Üçünji sanjymy bolsa dekabr aýynda hasaba almak meýilleşdirýärler.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy