DÜNÝÄ

Ginnesiň täsin rekordy

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan 12 doganyň ýaşlarynyň jemi 1042-ä deň boldy.  Bu san hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Pakistanda şol ene-atadan dünýä inen 12 doganyň ýaşlarynyň jemi 1042 ýyl 315 gün hökmünde hasaba alyndy. Bu ýaşlaryň jemi rekordlar kitabynda öz ornuny aldy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň beren maglumatyna görä, pakistanly doganlaryň Kanadada, Beýik Britaniýada (London), Şweýsariýada we ABŞ-da bolmak bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýandygy mälim edildi.

D’Kruz maşgalasynyň ýaşy iň kiçi doganynyň ýaşynyň 75, iň ulusynyňky bolsa 97-dir.

“Bir ýerde ýaşamaýandyklaryna garamazdan, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmeklerini durmuşynyň iň möhüm wakalarynyň biri hasaplaýarlar. Olar bu waka biri-birine has ýakyndygyny alamatlandyrýan bir nyaşn hökmünde garaýarlar” –diýlip, D’Kruzyň maşgalasynyň beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy