JEMGYÝET

Howa maglumaty: howanyň maýyl bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. “Türkmenistan” gazetindäki maglumata görä, şu hepdäniň dowamynda howanyň maýyl bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9… +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3… +8 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradus sowukdan -3… +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0… -5 gradus sowukdan +5…+10 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7… -12 gradusdan 0… -5 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4…+1 gradusdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8… -13 gradusdan -1… -6 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine 0… -5 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8… -13 gradusdan -2… -7 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine 0… -5 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5… -7 gradus sowukdan 0… +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2… -4 gradus sowukdan +6… +8 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar