BIZNES

Türkmenistanda hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetine öwürmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Hasabatda bellenilip geçilişi ýaly, ministrligiň garamagynda jemi 157 kärhana bar. Olaryň iş ugurlary esasan hem, lomaý söwda we ammarlarda sarp ediş gorlaryny saklamakdan, bölek söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrmakdan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň sanawy seljerildi.

  • Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň has-da ilerledilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler