JEMGYÝET

Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň çäreleriniň geçiş tertibi

Türkmenistanyň çäklerine ýiti ýokanç keselleriň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli noýabr-dekabr aýlarynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň sanynyň çäklendirilmegi babatda karar kabul edildi. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, hususan-a 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda meýilleşdirilen sungat ussatlarynyň halkara konserti, ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konserti, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalar üçin niýetlenen baýramçylyk dabarasy telewizion konsert görnüşinde tomaşaçylar bolmazdan geçiriler.

Şeýle hem dünädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sport ýaryşlary we umumy döwlet senenemasynda meýilleşdirilen ähli sport çäreleri ähli sanitar we öňüni alyş çäreleri berk berjaý edilip, tomaşaçysyz geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýiti ýokanç keselleriň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen birnäçe çäklendirme çäreleri alnyp barylýar. Otly we şäherara awtobus gatnawlary togtadyldy. Halkara uçar gatnawlary 2020-nji ýylyň ahyryna çenli saklandy.

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar