TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” kompaniýasy Hindistanda öňdeligi bermeýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy, Hindistanda baýramçylyk satuwynda 13 milliondan gowrak enjam satandygyny, şolardan 9 milliony akylly telefondygyny mälim etdi. “Realme” kompaniýasy bolsa şol döwürde 8,3 million önüm satmak bilen rekord goýandygyny habar berdi. Analitikler“Xiaomi” kompaniýasyň güýçli garşydaşy “Samsung” we “Vivo” kompaniýalary däl-de, “Realme” kompaniýasy bolup durýar diýip belleýärler. Sebäbi bu kompaniýanyň önümleriniň satuwy her aý geçdigiçe güýçlenýär. Şeýle hem kompaniýa golaýda gysga wagtyň içinde 50 million akylly telefony satdy.  “Xiaomi” kompaniýasy hakda aýdanymyzda onda olaryň iň meşhur akylly telefonlary: “Xiaomi Mi 10T Pro”, “Redmi Note 9 Pro Max”, “Redmi Note 9 Pro”, “Redmi 9 Prime”, “Redmi 9” we “Redmi 9A” bolup durýar. Eger-de kompaniýanyň akylly telefony 9 million sanysy satylan bolsa, galan 4 million enjamy akylly telewizor, akylly öý enjamlary we esbaplar girýär. Takmynan 450 müň akylly telewizor, şeýle hem “Mi TV Stick” we “Mi Box 4K” týuner satyldy. Bu kompaniýanyň “4K” telewizora bolan islegiň geçen ýyldakydan has ýokarlandy, 50 we 55 dýuým telewizorlaryň satuwy 50% göterim ýokarlandy. Howa arassalaýjylaryň satuwy 100% göterime ýetdi. Bu babatda “Mi Watch Revolve” sagatlary we akylly ses berijiler hem uly islege eýe boldular.

 

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder

Gazagystanda emeli aň boýunça ministrlik dörediler