BIZNES

2021-nji ýylyň nyşany taýýarlanýar

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu ugurda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli bäsleşik yglan edildi.

“2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak bäsleşigine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy. Emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowylary seçilip alyndy.

Mejlisiň barşyndan nyşanlaryň görnüşleri görkezilip, olarda ulanylan ýazgylaryň hem-de şekilleriň Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklary, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň öz beýanyny tapmagy nazarda tutulandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar barada anyk teklipleri aýtdy.

 

Related posts

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Türkmenistan mäş eksportuna başlaýar

Ata Watan Eserleri