JEMGYÝET

Bitaraplyga bagyşlanan maslahatlar: energetika forumy, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda birnäçe halkara derejesinde maslahatlardyr forumlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabatlar berildi.

Şol halkara çäreleriň esasysy bolan 12-nji dekabrda geçiriljek halkara maslahatdyr. Ol hem “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara forumdyr. Bu forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli işler amala aşyrylýar.

Halkara maslahatyň deslapky maksatnamasy taýýarlandy. Onuň barşyndan birnäçe abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyp wideoçykyşlary hem meýilleşdirilýär. Forumyň işiniň jemleri boýunça jemleýji beýannamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň çäklerinde köptraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şonuň bilen baglylykda baýramçylyk sergisini guramak teklip edildi.

HALKARA ENERGETIKA FORUMY

Şu ýylyň 1-nji dekabrynda “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly onlaýn görnüşinde halkara maslahat geçiriler.

Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şerti, Türkmenistanyň hoşniýtli energetika diplomatiýasy, transmilli turba geçirijileri, durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň wajyp şertleri atly bölümlerde göni we sanly wideoaragatnaşyk arkaly özara pikir alşylar.

Halkara maslahatyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.

ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn görnüşinde “Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Gadymy Nusaýyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, şol sanda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu halkara gurama bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtynguly adyndaky Dil-edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arehologiýa institutlarynyň gurnamagynda geçiriljek halkara maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlara özboluşly seljerme bolar.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy