BIZNES

Türkmen telewizorlaryny Gazagystana eksport etmek mümkinçiligi

Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew Türkmenistanda smart telewizorlary we LED lampalary öndürýän «Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetine baryp gördi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

«Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň baş müdiri Hydyrberdi Abdurahmanow kärhananyň taryhy, önümçilik desgalary we önüm ýygnamak ugurlary barada jikme-jik maglumat berip, geljek üçin meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Taraplar «Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň Gazagystan bazaryna iberilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň çäginde önümçiligi guramak mümkinçiligi babatda hem pikir alşyldy.

Ilçi saparyň çäklerinde IP-týunerli “Smart TV” telewizorlaryň önümçilik platformasynyň işi bilen tanyşdy. Ýakyn wagtda sarp edijilere täze görnüşli telewizorlaryň hödürlenjekdigi bellendi.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda “Smart TV” platformaly hem-de “IP-týunerli” telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Hojalyk jemgyýeti alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlary hödürleýär.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Oracle”-yň esaslandyryjylarynyň biri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamy boldy

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler