Täze nikalaşan maşgala täze öýüne göçüp geldiler. Irden ertirlik edinýärdiler, goňşysy ýuwulan eşiklerini serýärdi. Gelin ýoldaşyna: “Eşiklerini gowy ýuwmandyr, gowy tämizleýiji serişdesini ulanmaýarmyka” –diýdi. Ýoldaşy ilki goňşysyny soňam gelnini synlap sessizje ertirligine dowam etdi. Her gün irdenki ertirlikde goňşysynyň geýim serişi baradaky şol bir gürrüňler ep-esli dowam etdi. Ýene-de adaty bir güniň ertirliginde gelin birden geň galyp ýoldaşyna: “Eý-waý, soňunda kir ýuwmagy öwrenäýdi, oňa muny kim öwretdika?” –diýip geň galyjylykly seslendi. Ýoldaşy biraz dymandan soňra gelniniň ýüzüne dikanlap seredip, sesini biraz gataldyp: “Irräkden turup penjirämiziň goňşy tarapdaky aýnalaryny tämizledim” –diýen badyna geliniň geň galyp duran ýüzüni utanjaňlyk duýgusy gurşap aldy.
Bu ýagdaý öz durmuşymyzda nähilikä? Başgalaryň hereketleri ýa-da olar barada edýän pikirlerimiz biziň öz seredýän penjirämiziň arassalygyna bagly dälmi eýsem?
Birilerini günäkärlemegiň deregine ilki bilen öz edýän hereketlerimize üns bermäge, öz göz penjirämizi arassalamaga we ýürek aýnamyzy päklemäge ymtylmalydyrys. Sebäbi biziň bu ymtylyşymyzyň netijesi hem aňsat we has bähbitli bolar.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.