ATAWATAN ESERLERİ

Söwer dogan

Ertekilerdäki wasp edilýän gözel  ýerler ýaly owadan  Garrygala etrabynyň Gerkez obasynda dünýä indiň sen… iki gyzyň yzyndan bolan jigimize dädem begenip, öz dädesiniň adyny dakdy. Saparmämmet diýlip dakylan hem  bolsa, obada deň- duşlarynyň tutýan ýörgünli ady Saparçady. Maşgalamyzda seni ejem üýtgeşik söýüp Söwer oglum diýensoň,bizem  adyñy Söwer diýip tutardyk. Sen dogrudanam, üýtgeşikdiň jigim… Sary  zerewşan saçlary maňlaýyna düşüp duran, ýüzünden nur ýagyp, elmydama ýylgyryp duran mähirli keşbiň göz öňümde… Saña  göz boldumy, dil boldumy bilmedik…

Obamyzda dolup-daşyp akýan Sumbar derýasyna sil gelip, ýaňybir suw durlanyp çekilipdi. Sen bolsa ýaňja ýöräp başlan üç ýaşlyja çagajykdyň, sygrymyzy görjek diýip suwa ýykylypsyň. Ýanyňdaky daýymyň ogly ylgap gelip, aglap habar berdi. Ejemiň ýüregi ýarylara gelipdi, dädem oba adamlary bilen bile seni halas edipdiler. Gijäň ýary gözleriňi açyp, özüňe geldiň… ýylgyrypjyk seredeniň entegem göz öňümde… Biz seni elmydama gorap gezsegem, sen emgeklidiň. Obaň çagalary bilen oýnap-oýnap gije ýaryna çenli öýe gelmezdiň.

Ulalaňsoňam öýde seniň diýeniň diýen, aýdanyň aýdan boldy. Biz alty dogan  bolsagam öýde seniň ýeriň başgady. Öýümiziň hany soltanydyň… ýigit çykyp öz halan gyzyňa öýlendiň. Iki sanyja gara göz oguljyklaryň bilen bizi begendirdiň. Maşgalaň bilen Aşgabada göçüp gitdiňiz. Şäherde ýaşan on üç ýylyň içinde iki günüň biri obamyzy küýsäp, öýümize gelerdiň… wah, geleňde gabatlaşyp ýetişseň razy, sen eýýäm deň-duşlaryň arasyndasyň,olar seni bize ýetirenokdylar. Senem olar bilen aýdym aýdyp, aw awlap obaň hezilini görüp ýörensiň… il-günem seni şeýle gowy görýärdi… sen şujagaz ýaşan ýaş ömrüňde şeýlebir köp adama ýagşylyk  edipsiň, bize indi-indiler aýtýarlar. Seniň barlygyňda biz şeýle bagtly ýaşap ýördük welin, birden dagdan wulkan abanyp gelende adamlaryň doňup galyşy ýaly, bizem alaçsyz doňup galdyk. Şol çagajykkaň ýykylan suwuňdan soň burun boşlygynda sowuklamadan dörän ýara indi ulalyp et örüp,  dem alyp bilmez hala gelipdi. Otuz dört  ýaşyňda eýýäm burnuň saňa azar  ýamanyny berýärdi. Näçe hassahanalarda saňa seretdirdik, operasiýalar edildi ýöne alaçsyz tapylan bu dert beterläp barýardy… daşary ýurtlardan getirilen dermanlar hem peýda bermedi. Hassalygyň soňy erbet kesele ýazdy. Wah, eziz doganym, dagy daşy ýaryp saňa derman gözledik, emma  saňa em bolmady. Uzyn boýly, şeýle görmegeý, mähirli jigimiziň gün-günden eräp, süňke dönüp barýanyny görýän doganlaryň halyna dözer ýaly däldi. Ejem bilen dädemiň çekýän jebrini aýdar ýaly däl. Nätjek, Hudaýada gowusy gerek diýleni, şeýtdi-de armanlyja Söwer doganymy bir agyr dert aldy gidiberdi. Bu  derdi çekmedik düşünmez. Bu ýalançy dünýä tersine döndi. Ýüregimizi sogrup giden bu aýralykdan soň maşgalamyz, çagalarymyz hem gözümize görünmeýärdi. Bu boşap galan dünýede alaçsyz yranyp ýördük. Indi 20 ýyl geçsede, edil düýn ýaly, hemme zat göz öňümden geçip dur. Ýüregimizi paralan bu ajy aýralygyň gany damyp dur, ol ýara tä ölýänçäk bitmez… nirä baksam seniň gül keşbiň maňa mähirli ýylgyryp duran ýaly. Ol ýylgyryşy dünýe malyna çalşyp  bolmaz. Janym jigim seniň doganlaryň bu dünýeden haçan gözlerini ýumanlarynda birjigem gynanmazlar, Ýaradan  bakyda seni bize gowuşdyrsyn. Aramyzdan ir giden jigim jaýyň jennetden bolsun….. Söýgini beýan etmeli bu bäsleşikde doganyny ir aldyran bir uýanyň mähriban gardaşyna bolan söýüsini beýan etýän oýlanmany ugratýan… dogan söýgüsi iň gymmatly zatdyr mähribanlar.  Bu oýlanmany mahriban doganymyň doglan gününde, ony ýatlap ýazypdym. Ine bu gün size ugratmak nesip etdi. Entek dirikä mähribanlaryňyzyň gadryny biliň,kime näçe wagt ömrüň berilenini bir Ýaradan bilýändir. Söýüp hem-de söýüp ýaşaň bu ýalançy dünýede…

Ogulgerek Aşyrowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri