JEMGYÝET

Täze ýolbaşçylar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şu ýylyň 9 aýynda alnyp barylýan işleriniň jemleri jemlendi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelere garaldy.

Şonuň netijesinde:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Mämmetmyrat Geldiniýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.
  • Durduly Durdylyýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ogulaltyn Amandurdyýewna Çerkezowa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Azat Muhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýokary we orta hünärment mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aleksandr Amanow Türkmenistanyň Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Orazdurdy Meýlisowiç Suwhanowy başga işe geçmegi sebäpli “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 3-nji karary tassyklanyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwançmyrat Akmämmedowy “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy wezipesina saýlamak hakynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 4-nji karary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň paýtagty Ak şäherim Aşgabatdan pursatlar

Ýene-de okaň

Eýranyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň liderlerinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar

Türkmenistanda Täze ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

BAE-de Täze ýyl gijesi 2 sany Ginnesiň rekordy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2025-nji ýyla gadam basdy

Ata Watan Eserleri

Putin, Szinpin we dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini gutlaýarlar