JEMGYÝET

Täze elektron gazet öz işine başlady :USSAT NEWS

Türkmenistanda soňky döwürde internet neşirleriň sany yzygiderli artýar we täze-täze internet neşirler Türkmenistanyň habarlar ulgamyny baýlaşdyrýar.

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda USSAT NEWS (www.ussatnews.com) elektron gazeti öz işine başlady. Täze elektron neşir ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ösüşi, dürli pudaklarda giň gerimli milli maksatnamalaryň we iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýerleri, türkmen halkynyň baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýän makalalary, medeniýet we sungat işgärleri, sport ussatlary, žurnalistler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlik gazanan telekeçiler we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikleri, türkmen metbugatynyň sahypalaryndan makalalary, peýdaly maslahatlary, özüne çekiji suratlary hem-de wideo materiallary çap etmegi maksat edinýär.

Neşiriň ilkinji habarlarynyň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň USSAT NEWS elektron gazetiniň işine ak pata berendigi baradaky habar we Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa bilen gurnalan söhbetdeşlik aýratyn ünsi çekýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty öz işine başlan USSAT NEWS (www.ussatnews.com ) elektron gazetine uly üstünlikler arzuw edýär we täze neşir bilen Ata Watanymyz baradaky habarlary dünýä halk köpçüligine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etjekdigimize berk ynanýarys!

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

Ýene-de okaň

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi