SPORT

Futbol çempionatynyň täze möwsümi başlaýar

Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň, Fransiýanyň hem-de Ispaniýanyň milli futbol çempionatlary badalga aldy. Eýýäm birnäçe tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan biri hasaplanýan Germaniýanyň çempionaty şu gün geçen möwsümiň çempiony “Bawariýa” bilen “Şalke” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga alýar.

“Bawariýa” topary bassyr 9-njy çempionlygyny gazanmak üçin güýç synanyşar. Çempionatyň ilkinji duşuşygy tomaşaçysyz geçiriler. Möwsümiň soňky duşuşyklaryna tomaşaçy kabul etmek göz öňünde tutulýar. Ýöne ol hem stadionynyň umumy ornunyň 20 göterimden köp bolmaly däldir. Howpsuz aralyk saklanmalydyr.

Germaniýanyň çempionaty 22-nji maýda tamamlanar. Gyşky dynç alşy döwri göz öňünde tutulandyr. Toparlar 13-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyşky dynç alşa çykarlar. Ol hem 18-21-nji dekabra gabat gelýär. 14-nji tapgyr 2-4-nji ýanwarda täzeden başlar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar