Umumy häsiýetnama
Kowus (Keman 23.11—21.12) döredijilikli, erkli ýyldyzdyr. Halaýan reňki mawy. Üstünlik getirýän daşy — topaz. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar “liderler”. Elmydama öwrenmeklige ymtylýar, hereketli we ideýalara, täzeçilliklere baýdyr. Olar bütin ömrüne meşhur bolmaga tarap ymtylýarlar. Özgeleriň pikiri kowus üçin möhüm. Kemanlar durmuşynda köplenç üstünlik gazanýarlar. Olaryň gyzyklanmalary örän köp, şeýle-de tanyşlary hem ýeterlik. Kowuslar köplenç halatlarda biznes ýöredýärler, şol sanda ýany bilen hem mugallym ýa-da syýasatçy bolmagy hem başarýarlar. Onuň adamlar hakyndaky aladasy we filosofiýa ylmyna bolan söýgüsi, geljekde uniwersitetde mugallym ýa-da syýasatçy bolmagyna sebäp bolýar.
Utanjaň kowuslar az gabat gelýär. Olar köpçülikde bolmagy, gurmaçylyk etmegi halaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ökde türgen bolup bilerler. Sebäbi kowusyň fiziki ýagdaýy gowy, hem çydamly. Olar esasan hem at üstündäki sportlary halaýarlar. Kowuslaryň ähli zada bolan pozitiw gatnaşygy dost-ýarlarynyň köp bolmagyna sebäp bolýar. Ol adamlar üçin açyk. Maslahat bermegi, gürrüň etmegi halaýarlar. Köpçülik bilen işleşmegi, olaryň pikirlerini bilmegi gowy görýändikleri üçin, kemanlar deputat, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary hem bolup bilerler. Olar maksadaokgunly. Eger bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara ynansaň, olar islendik maksadyna ýetip bilýärler.
Artykmaçlyklary we kemçilikleri
Durmuşa bolan pozitiw garaýşy we erki kowuslara durmuşda ýüze çykýan ähli kynçylyklardan aňsatlyk bilen çykmagy başardýar. Bu häsiýetleri bilen, ol durmuşda “dim-dik” durmagy başarýar. Olar täzeçilligi gowy görýärler we üýtgeşmelere durnukly hasaplanýar. Olar durmuşlarynda gabat gelýän şowsuzlyklara üns bermeýärler. Olaryň durmuşy hat-da bir pursat hem bir ýerde duranok. Yzygiderli üstünlikler, şowsuzlyklar, şatlyk, gynanç….
Muňa garamazdan kowusyň hem kemçilikleri bar. Ýagny ol islendik işde meýilnamalaşdyrmagy başaranok. Olaryň şygary: Şu wagt we şu ýerde. Pikirlenmän edýän hereketleri kowusa zyýan berip bilýär. Olar ilki aýdar, ýerine ýetirer we eýýäm soňunda pikir ederler.
Söýgüde
Kowus söýgülisiniň “ideal” bolmagyny isleýär. Ol öz ýaryny söýse, oňa dünýädäki ajaýyplyklaryň ählisini görkezmek islär. Olar gaty göregen, dawalarda ýa-da düşünşmezliklerde örän gödek hem bolup bilýärler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar sebäpsiz gaty görüp hem bilýärler. Kowus köp zatlary öz söýgülisi bilen etmegi halaýar, ýagny öz söýen ýary bilen gezelenç etmek, syýahat etmek, halaýan bir işi bilen meşgul bolmak ýaly gyzyklanmalar kowusyň “ýürek küýsegi”. Olar tereziler bilen durmuş gursalar bütin ömrüne bagtly bolarlar. Balyklar bilen oňuşanoklar.
Saglygy
Kowuslar saglygyna örän üns bermelidirler. Olar kadaly iýip-içip, hereketde bolmasalar, gan goýulyk, damar dykylma ýaly ýagdaýlar bilen duş gelip bilýärler. Şeýle-de kowuslaryň arasynda oňurga agyrlylary hem az gabat gelenok.
Gyzyklanýan ýurtlary
Awstraliýa, Madagaskar, Portugaliýa, Saud Arabystan Patyşalygy, Fransiýa, ABŞ (Kaliforniýa), Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela, Ispaniýa, Kamerun,
Şäherleri
Bagdad, Köln, Akapulko, Los-Anjeles, Woronej, Awinon, Ştutgard, Budapeşt, Sent-Luis, Neşwill, Çattanuga.
Meşhur kowuslar
Wensan Kassel, Azra Akin, Sertap Erener, Tina Turner, Aleksandr Maslyakow, Emir Kusturisa, Brýus Li, Anton Makarskiý, Jimmi Hendriks, Boris Grebenşikow, Bred Pitt, Aleksandr Blok, Mark Twen, Andreý Makarewiç, Frank Sinatra, Lýudwig wan Bethowen, Ýuruý Nikulin Iosif Stalin, Leonid Brejnew.
Bu hepdäniň Täleýnamasyny okamak üçin
Hepdelik täleýnama (14-20 sentýabr)
Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!
Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar
Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?
Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!