DÜNÝÄ

Ilatyň 1 göterimi nagt pul ulanýar

Koronowirus pandemiýasy döwründe nagt pul arkaly hasaplaşyklara girizilen çäklendirmeleriň Şwesiýada hemişelik dowam etdirilmegi mümkin. «Bloomberg» ýurduň nagt puldan ýüz öwürmeginiň mümkindigini ýazýar.

Onsuz hem Şwesiýa nagt puly Ýer ýüzünde iň az ulanýan döwletleriň biri. Halkara guramalaryň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda ilatyň diňe 1,3 göterimi nagt pul bilen söwda edipdir ýa-da hasaplaşyk geçiripdir. Ýeri gelende aýtsak, ABŞ-da bu netije 8,2, Ýewropa Bileleşiginde bolsa 10,9 göterime deň.

Häzir Şwesiýanyň hökümetleri sanly pul ulgamy bilen bagly ýüze çykýan ownujak kemçilikleri hem aradan aýyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Ýurtda onlaýn-banklaryň sanynyň artýandygyny hem aýtmak gerek.

 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Etihad Rail Company» paýdarlar jemgyýeti ähtnama gol çekişdi

Dokuz aýda 134 halkara resminama baglaşyldy

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi

Türkmenistan Saud Arabystanyna hem-de BAE täze ilçi belledi

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy