TEHNOLOGIÝA

COVID-19 ýokanjyny mälim etmegiň usuly

“Apple” we “Google” kompaniýalary koronawirus hassalary üçin aragatnaşyk yzarlaýyş ulgamynyň döredilendigini habar berdiler. Bu ulgam ykjam telefonlarynda programma hökmünde ýerleşdiriler. Bu kompaniýalaryň wekilleri, COVID-19 koronawirus ýokaşma habarnamasynyň funksiýa täzelenmesini, wagtynda telefonlara goşuljakdygyny aýtdylar, ýöne ulanyjylar ony inkär hem edip bilerler. Programma telefonlaryň biri-birine ýakyn wagtyny yzarlamak üçin Bluetooth funksiýasyny ulanar. Programma goşulan ulanyjyň COVID-19 üçin synagy kanagatly görkezse hem-de bu maglumatlary telefona ýazsa, ýakyn töwerekdäki hemmelere uzak wagtlap awtomatiki habar berler. Bildiriş diňe bu ykjam programmanyň telefonlarynda işlemegi bilen razylaşýan ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Kompaniýalar yzarlaýyş aragatnaşyklarynyň gizlin boljakdygyny we ulanyjynyň ýerleşýän ýeri görkezilmejekdigini aýdýarlar.

Related posts

Agaçdan ilkinji sport ulagy

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Sowgatlar Size garaşýar: “Atavatan Krossword”

Ata Watan Eserleri