JEMGYÝET

…çagasyna näme diýilýär?

Biz kiçilikden sygryň çagasyna “göle”, goýnuňka “guzy”, itiň çagasyna “güjük”, düýäňkä “köşek” diýilýänini bilýäris.  Atyň çagasyna “taý, taýçanak” diýilýäninem çeper eserlerden okaýarys.  Emma pişigiň çagasyna “gijen” diýilýänindigini bilmeýändigimiz üçin “pişijek” diýýäris, garlawajyň, gumrynyň ýumurtgadan çykan ýeleksizje çagalaryna-da “guşjagaz” diýeris. Ýöne olara, hat-da bürgüdiň çagasyna hem “etene” diýilýär.

Itbalyk-gurbaganyň çagasy.

Kürre-eşegiň çagasy.

Owlak-geçiniň, keýigiň çagasy.

Guzy-goýnuň çagasyna aýdylýar.

Şirbeçe-ýolbarsyň çagasy.

Ýylanyň çagasy “ýylançyr” diýip atlandyrylýar, tilki çagasy “ýylpyz”,  şagalyň çagasyna “tula”, möjegiň çagasyna “üzit” diýilýär.

Related posts

13 ýylda: Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden köp tebigy gaz iberildi

24-nji awgustdaky howa maglumaty

Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiligine serediler