TEHNOLOGIÝA

Motosiklleriň bahasy iki esse ýokarlandy

Koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy sebäpli şahsy ulanylýan ulaglaryň arasynda ilkinji orny eýeleýän motosikllere bolan gyzyklanma artdy. Motosikl senagaty birleşiginiň gözleglerine görä, kiçi göwrümli motosikl satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 66 göterim ýokarlandy. 30 ýyl bäri motosikl satyjysy: “Pandemiýa döwründe satuwlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Hat-da ikinji elden satlyga çykan motosikllere bolan isleg artdy” diýip, aýtdy.

Häzirki wagtda motosikl öndüriji kompaniýalaryň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy. Şeýle hem metbugat sahypalarynda ýerleşdirilýän habarlarda sarp edijileriň motosikle bolan islegiň ýokarlanmagy netijesinde olaryň bahasynyň hem 2 esse artmagyna getirendigini belläp geçýärler. Emma motosikller pandemiýa döwründe jemgyýetçilik aralygyny saklamaga, ýol dyknyşygynyň öňüni almaga hem oňaýly täsirini ýetirýär.

 

Related posts

Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

Ilon Mask, adamlaryň üstünlik gazanmagyna päsgel berýän 50 sany aň-düşünjäni görkezýär