SPORT

Ruslan Mingazow täze toparda ilkinji duşuşygyny geçirdi

Ýakynda Gazagystanyň «Şahtýor» futbol toparynyň düzümine goşulan ildeşimiz Ruslan Mingazow täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Ýerli çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde düýn «Şahtýor» Kyzylorda şäheriniň «Kaýsary» bilen duşuşdy.

Duşuşyk «Kaýsaryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Şahtýoryň» tälimçiler düzümi türkmenistanly futbolça ynam bildirip, ony esasy düzümde meýdana goýberdiler. Ilkinji duşuşykda özüni gowy tarapdan görkezen ildeşimiz toparynyň ýiti hüjümleriniň birnäçesini gurnama gatnaşdy. Ol 65-nji minutda ornuny Aslanbek Kakimowa berdi.

4-nji tapgyrdan soň 6 utukly «Şahtýor» ýaryşyň 6-njy basgançagynda galdy. Utugyny 10-a çykaran «Kaýsar» bolsa ikinji orna beýgeldi.

Ruslan Mingazowyň topary 5-nji tapgyrdaky duşuşygyny 22-nji awgustda «Kyzyl-Žar» bilen geçirer.

Related posts

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary: türkmen türgenleri medal gazanmagy dowam edýärler

Ata Watan Eserleri

Transfer bahasy pese gaçan futbolçylar

Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory wezipesine bellenildi