SPORT

Ruslan Mingazow täze toparda ilkinji duşuşygyny geçirdi

Ýakynda Gazagystanyň «Şahtýor» futbol toparynyň düzümine goşulan ildeşimiz Ruslan Mingazow täze topary bilen ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Ýerli çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde düýn «Şahtýor» Kyzylorda şäheriniň «Kaýsary» bilen duşuşdy.

Duşuşyk «Kaýsaryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Şahtýoryň» tälimçiler düzümi türkmenistanly futbolça ynam bildirip, ony esasy düzümde meýdana goýberdiler. Ilkinji duşuşykda özüni gowy tarapdan görkezen ildeşimiz toparynyň ýiti hüjümleriniň birnäçesini gurnama gatnaşdy. Ol 65-nji minutda ornuny Aslanbek Kakimowa berdi.

4-nji tapgyrdan soň 6 utukly «Şahtýor» ýaryşyň 6-njy basgançagynda galdy. Utugyny 10-a çykaran «Kaýsar» bolsa ikinji orna beýgeldi.

Ruslan Mingazowyň topary 5-nji tapgyrdaky duşuşygyny 22-nji awgustda «Kyzyl-Žar» bilen geçirer.

Related posts

40 ýyldan soňra Ispaniýanyň kubogyny eýeledi

Türkmen türgenleri Berlinde 13 medal gazandy

Özbegistanda Syýahatçylyk we sport ministrligi döredildi

Ata Watan Eserleri