SPORT

Futbol janköýerleri üçin hoş habar

UEFA guramasy 55 döwletiň agzalarynyň baş kätipleri bilen COVID-19 epidemiýasyndan soňky Ýewropa futbolunyň käbir meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak üçin wideomaslahat geçirdi. Bu maslahatda esasy meseleleriň biri hem futbol janköýerlerini tapgyrlaýyn stadiona goýbermek ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyklarda futbol janköýerleriniň sanitariýa düzgünlerine berk eýermeginiň zerur bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Sentýabr aýynyň başynda milli ýygyndylaryň duşuşyklaryna futbol janköýerlerini goýbermegiň entek ir boljakdygy bellenilip, 24-nji sentýabrda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçiriljek UEFA-nyň Superkubogynda az sanly futbol janköýerleriniň barlag maksady bilen stadiona goýberilip bilinjekdigi mälim edildi.

Related posts

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: “Sitiniň” 7:0-lyk ynamly ýeňşi