SPORT

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Meşhur horwat futbolçysy Robert Prosineçki Gyrgyzystanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine resmi taýdan bellendi. 

Bu barada Gyrgyzystanyň Futbol Bileleşiginiň prezidenti Kamçybek Taşiýew habar berdi we baş tälimçini tanyşdyrdy.

Robert Prosineçki “Barselona”, “Real” we beýleki birnäçe toparlarda oýnan dünýä derejeli futbolçy, şeýle hem Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Azerbaýjanyň ýygyndylary bilen işlän meşhur tälimçidir. Onuň Gyrgyzystana gelmegi milli futbolyň ösmeginde we toparyň halkara derejesindäki ornuny berkitmekde möhüm ädim hasaplanýar.

Prosineçki ýakyn wagtda düzüm bilen işläp başlar we türgenleri geljekki duşuşyklara we ýaryşlara taýýarlar.

Related posts

66 türgen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Sportuň iň köp ýaýran görnüşiniň baýramçylygy

Ata Watan Eserleri

“Air Jordan” markasy barada