JEMGYÝET

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa birnäçe dabaraly halkara çärelere gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar portaly habar berýär.

Ýokary myhmanyň sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gabat geldi. Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň gatnaşmagy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasatynyň ýokary halkara abraýyny nygtaýar.

Aşgabat Halkara howa menzilinde San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew garşylady.

Belläp geçsek, Karluş Manuel Wila-Nowa mundan ozal, Türkmenistanda saparda bolupdy. Ýokary derejeli myhman 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna (LLDC-3) gatnaşypdy.

Related posts

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

President of Turkmenistan and Chairman of the TOBB discuss the aspects of partnership diversification

vepa

Pensiýa boýunça üýtgeşmeler. Tanyş boluň!

Ata Watan Eserleri