JEMGYÝET

«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar. Bu baradaky degişli teklip şu gün Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda din wekili Ý.Hojagulyýew tarapyndan beýan edildi.

Munuň özi bu ýerde öwrediljek ylmyň yslam dünýäsine kybap gelmeginde, ýaşlaryň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmeklerinde ähmiýetli bolar.

Milli Liderimiz teklibi oňlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.

Hajy Arkadagymyz bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň, olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şunda okadyljak dersleriň ugruny kesgitlemek, olaryň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Related posts

Türkmen Sanatçısı Çınara’nın Türkiye’de kitabı yayınlandı

Dr.Döwran Orazgylyjov

Asya Kupası 2019: Türkmenistan ilk maçnı oynadı

vepa

Türkmen Lider’den Balkan Vilayetine Çalışma Ziyareti

vepa