SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly gatnawlaryndaky çäklendirmelerde täze möhlet

«Türkmendemirýollary» agentligi öz resmi saýtynda (https://www.railway.gov.tm/ )  Türkmenistanyň çägindäki otly gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 15-ne çenli uzadylandygyny habar berýär.

Mundan ozal resmi saýtda ýurduň içindäki otly gatnawlarynyň 16 ― 23-nji iýul aralygynda çäklendirilýändigini habar berlipdi. Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy.

Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly Türkmenistanda şu günler birnäçe çäklendirmeler girizilýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan farmasewtika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Parawbibiniň ak aramgähi : Keramatly ýer

Ata Watan Eserleri

“CargoLux”: yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrylýar