BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine nähili täze hünärler girizildi? Tanyş boluň!

Tä­ze okuw ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul edil­jek­le­riň sa­ny ge­çen ýyl­daka ga­ra­nyň­da iki müň adam­dan hem köp­dür ― diýip, «Mugallymlar gazeti» gazeti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine täze girizilen hünärler barada maglumat berdi. Eýsem, olar haýsy hünärlerkä, geliň tanyş bolalyň!.

― Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ozal­ky taý­ýar­la­nyl­ýan hü­när­le­riň üs­tü­ne rus di­li we ede­bi­ýa­ty hü­nä­ri go­şul­dy. Ga­ly­ber­se-de, şu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka taý­ýar­ly­gy­nyň ugur­la­ry bo­ýun­ça ama­ly ma­te­ma­ti­ka we in­for­ma­ti­ka; in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­şyk teh­ni­ka­sy ug­ry bo­ýun­ça mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hü­när­le­rin­den ba­ka­lawr­lar taý­ýar­la­nyl­ýar.

 S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de ozal­ky taý­ýar­la­nyl­ýan ýig­ri­mi al­ty hü­nä­riň üs­tü­ne ýe­ne dör­dü­si go­şul­dy. Hu­su­san-da, we­te­ri­na­ri­ýa we zoo­teh­ni­ýa ug­run­da: zoo­teh­ni­ýa; at­çy­lyk; se­na­gat ba­lyk­çy­ly­gy; ki­no­lo­gi­ýa hü­när­le­rin­den ba­ka­lawr­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Şu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de hal­ka­ra de­re­je­li ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­mak işi­niň tä­ze okuw ýy­lyn­dan baş­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek­çi­di­ris.

 Seýitnazar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da dil bi­li­mi we ede­bi­ýa­ty öw­re­niş ug­ry bo­ýun­ça: ne­mes di­li we ede­bi­ýa­ty; pars di­li we ede­bi­ýa­ty hü­när­le­rin­den ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler taý­ýar­la­ny­lar.

― Döwletmämmet Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da ital­ýan di­li hem-de ter­ji­me we ter­ji­me­çi­lik işi (rus di­li) hü­nä­ri ug­run­dan hü­när­men­ler taý­ýar­la­ny­lar.

Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riniň da­laş­gär­ler­den res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ediş iş to­pa­ry häzirki wagtda dalaşgärleriň resminamalaryny höwes bilen kabul edýärler. To­pa­ryň iş­gär­le­ri da­laş­gär­le­re res­mi­na­ma­la­ry­ny dol­dur­ma­ga, ge­rek­li ka­gyz­la­ry­ny top­la­ma­ga kon­sul­ta­tiw we ama­ly kö­mek­le­ri ber­ýär­ler. Tu­tu­my­ňyz şow­ly bol­sun, da­laş­gär­ler!    

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi

ABŞ-da immigrantlar we halkara talyplar bolmasa, köp uniwersitetler ýapylyp biler

Ata Watan Eserleri

Mekdep bazarlarynda söwdalar gyzyşýar

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri