SPORT

Ramosyň üstünligi

“Real Madrid” toparynyň kapitany Serhio Ramos, Ispaniýanyň Futbol çempionatynyň taryhynda goragçylaryň arasynda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başardy.

Ramos 2005-nji ýylda “Real Madride” toparyna goşuldy. Ol toparyň 640 oýuna gatnaşyp, 91 pökgi geçirip, 38 ýardam pasyny bermegi başardy. Dünýä belli goragçynyň topar bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýyla çenli niýetlenilendir.

2006-njy ýyldan bäri Ramos ýedi sany uly ýaryşda (2006, 2010, 2014 we 2018-nji ýyllarda dünýä çempionatlary, şeýle hem 2008, 2012 we 2016-njy ýyllarda Ýewropa çempionatlary) Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 34 oýnunyň 32-sinde oýnady.

Related posts

Tokio-2020: 6-njy gezek Olimpiýa çempiony boldy

Pareho “Wilýareala” geçdi

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary “East Bengal” toparyny ýeňdi