17-nji iýunda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz dikuçarda Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Milli Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň «Bereket» görnüşini ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýär.
Milli Liderimiz galla meýdanynyň başynda duran «John Deere» kysymly kombaýna münüp, ony herekete girizdi. Hormatly Prezidentimiziň ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, ýetişen galla hasylyny orup başlamagy bu işe häzir bolup duran tejribeli mehanizatorlaryň ruhuny göterdi. Az wagtdan soňra, kuwwatly oba hojalyk tehnikasy döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmagynda bugdaý meýdanynyň gyrasynda saklandy. Ýaş mehanizator Arkadag Prezidentimiziň dolandyryp, oraga ak pata beren kombaýnyna şa gadamynyň mübärek bolmagyny dileg edip, asylly däbe eýerip, alaja dakdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylygynda netijeli ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny synlady we olaryň tapawutly aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhana we kombaýnça kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw edip, olara gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz il içinde haýyrly mal hasaplanylýan körpe köşekli düýäniň ýanyna bardy. Milli Liderimiz düýe malyny dünýe malyna deňän ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri, düýe süýdüni, ondan taýýarlanýan çaly hem-de agarany ýokumly hem-de ähmiýetli iýmit hökmünde hasaplandyklaryny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, düýe süýdi we ýüňi dermanlyk häsiýete eýedir. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz düýe hem-de onuň häsiýetli aýratynlyklary, düýäniň halkymyzyň durmuş tejribesinde eýeleýän orny bilen baglanyşykly birnäçe wakalary gürrüň berdi.
Bu ýerde tagam taýýarlaýan zenan döwlet Baştutanymyza täze hasylyň unundan taýýarlanan külçäni hödür etdi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň tagam taýýarlamakda, dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamakda nusgalyk ýolunyň bardygyny aýdyp, külçäniň ýokumy, onuň uzak möhletleýin saklanmak häsiýeti barada gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylaryň külçeden datmaklaryny teklip etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine tarap ugrady.
Bu daýhan hojalygy Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý. Daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde guşlar üçin ýylda 72 müň tonna ýokumly iýmleri öndürýän zawod, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar.
Bu ýerde “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy, hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. T.Tuwakow milli Liderimize hojalykda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi giňeltmegi, dowarlaryň we iri şahly mallaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, hojalygyň berk ot-iýmlik binýadynyň döredilýändigini nygtady.
Ol şeýle hem ýyladyşhana hojalygynda durmuşymyzyň bezegi hasaplanylýan gülleri ekmek we köpeltmek bilen ýokary hünärli işgärleriň — öz işleriniň ussatlarynyň meşgullanýandyklary barada milli Liderimize gürrüň berdi.
Häzirki wagtda hojalygyň mekgejöwen ekilen meýdanynyň möçberi 50 gektara barabardyr. 50 gektara golaý ýerde bolsa ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa ekilen ýeriň meýdany bolsa 24 gektara barabardyr. Şeýle hem hojalygyň bugdaý, arpa we beýleki ekinler üçin niýetlenen 222 gektardan gowrak sürümli ýeri bar. Şeýlelikde, berk ot-iýmlik binýadyň döredilmegi mallaryň sanyny köpeltmäge, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmaga giň mümkinçilik açýar.
Döwletimiziň telekeçilik işini mundan beýläk-de goldajakdygyny, zerur mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün ediljekdigini aýdyp, milli Liderimiz T.Tuwakowa işinde üstünlik arzuw etdi. Milli Liderimiz halal zähmetden döwlet tapýan, ýurdumyzda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan adamlaryň edýän işleriniň mynasyp derejede waspynyň ýetirilmelidigini aýtdy.
Munuň özi ösüşleriň belentliklerine ynamly gadam urýan ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň beýan edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Çünki biz ähli ugurlar boýunça beýik geljegi nazarlaýarys. Hut şonuň üçinem, biz diňe öňe tarap hereket etmelidiris.
Döwlet Baştutanymyz öz sözlerini «Öňe, öňe, diňe öňe!» diýip jemledi.