BILIM

Türkiýäniň stipendiýalarynda ilkinji tapgyryň netijeleri mälim edildi

Her ýyl on müňlerçe daşary ýurtly talyplar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän Türkiýede 2020-nji ýyl boýunça talyp haklary (stipendiýalar) üçin ýüz tutmalaryň ilkinji netijeleri mälim edildi. Bu ugra gözegçilik edýän edaranyň “Twitter” jemgyýetçilik torundan mälim edilen beýanata görä, 172 ýurtdan jemi 1550 müň 770 adam ýüz tutulypdyr. Şol ýüz tutmalar boýunça talyp haklarynyň netijenamalary elektron görnüşde eýelerine iberildi.

Beýanata görä, 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwary – 20-nji fewraly aralygynda talyp haklary üçin ýüz tutmalar kabul edildi. Bu barada maglumat almak üçin Türkiýäniň talyp haklary ýüz tutma ulgamyna (TBSS) girip, “Ýüz tutmalar” bölüminden maglumat almak bolar.

Ýüz tutan adamlaryň elektron salgysyna hem netijenamalaryň iberilendigi ýatlanýar. Ikinji tapgyra geçen dalaşgärlere hem bu ugurda degişli maglumatlar elektron görnüşde iberildi.

Dalaşgär sany köp bolandygy sebäpli elektron hatlaryň olara barmagy wagt alyp biljekdigi hem-de belki hatlaryň “SPAM” gutujygyna düşmek ähtimallygynyň bardygy sebäpli şol gutujygy hem yzygiderli seredip durmak maslahat berilýär.

Related posts

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituty:“Açyk Gapylar 2023”

“Açyk gapylar” güni geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ilkinji gezek yaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçiriler