BILIM

Mary welaýatynda “Merkezi Aziýa-Hytaý” ýaşlarynyň forumy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmenistan bilen KU Leuven uniwersiteti hyzmatdaşlygyny ösdürer

Owerçuk: bilelikdäki türkmen-rus uniwersiteti boýunça şertnama baglaşmaga garaşylýar

Talyp-2022: Halkara nebit we gaz uniwersiteti