MEDENIÝET

Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.

Related posts

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Türkmenistanda geljek ýylyň ýanwar aýynda köp sanly çäreler geçiriler

Ýadygärliklere bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk

Ata Watan Eserleri