JEMGYÝET

Harby ýöriş 24-nji iýunda geçiriler

Russiýada 24-nji iýunda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçiriler. Adatça her ýylyň 9-njy maýynda geçirilýän bu ýöriş koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilipdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçirilen wideoaragatnaşyk mejlisinde bu barada habar berdi we ministrlige harby ýörişe ýokary guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda bu çäräni ýokary guramaçylykly geçirmek babatda Russiýada  giň gerimli işler alnyp barylýar. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek harby ýöriş ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar.

Related posts

5.Asya Oyunlarının Brandı (Markası) Seçildi

vepa

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy