TEHNOLOGIÝA

Kompaniýanyň özboluşly harytlarynyň biri bolar

Ýakynda Hytaýyň köpugurly elektron harytlaryny öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan ZTE täze akylly telefonyny alyjylara hödürlär. Kompaniýanyň özboluşly önümleriniň biri boljak “Axon 11 SE”  akylly telefony iýun aýynyň 1-ine tanyşdyrylar. Bu dabara adatdakylar ýaly däl-de onlaýn görnüşde alnyp barylar. “Axon 11 SE”   akylly telefony barada maglumaty kompaniýanyň resmi saýtyndan hem-de “YouTube” kanalynda goýuljak wideo arkaly müşderiler tanşyp bilerler. Akylly telefonyň yzky kamerasy 64 megapiksele barabar bolup, selfi kamerasy hem ýokary hilliligi bilen tapawutlanar. Ol birnäçe özboluşly, göze gelüwli reňkler bilen alyjylara ýetiriler.

Related posts

46-njy belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgedilýär

Redmi K30 Pro 24-nji martda satuwa çykarylar

“Apple” kompaniýasy Hindistanda 14 milliard dollarlyk önüm öndürdi