DÜNÝÄ

“Lufthansa” awiakompaniýasy üçin 9 milliard ýewro

Germaniýanyň hökümeti dünýä belli “Lutfhansa” awiakompaniýasyny ýitgiden halas etmek üçin 9 milliard ýewro möçberinde pul kömegini bermegi meýilleşdirýär. Munuň ýerine ýurduň hökümeti awiakompaniýanyň paýnamalarynyň 20 göterimine eýeçilik edip, direktorlar geňeşinde 2 orun alar.

– Bu örän möhüm we öz wagtynda edilen kömekdir – diýip, Bawariýa sebitiniň ýolbaşçysy Markus Zeder gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň hökümetiniň hem-de awiakompaniýanyň peýdasyna boljak şertnama babatda ylalaşyk gazanyldy.

“Lufthansa” awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli uly ýitgi çekýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, ýerde duran boş uçar bir gije-gündiziň dowamynda kompaniýa ortaça 24 million ýewro düşýär. Koronawirus ýokanjy sebäpli soňky aýlarda uçar gatnawlarynyň 95 göterimi ýatyryldy. Kompaniýa iýun aýyndan başlap, gatnawlarynyň sanyny köpeldip, hepdede 1,8 müň gatnaw amala aşyrmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy