SPORT

Dünýä çempionaty 3 ýurtda geçiriler

Basketbol boýunça dünýä çempionaty 2023-nji ýylda birbada 3 ýurtda geçiriler. 2023-nji ýylda Filippinlerde, Ýaponiýada we Indoneziýada geçiriljek basketbol boýunça dünýä çempionatynyň anyk senesi mälim edildi.

Halkara Basketbol federasiýalar bileleşiginiň (FIBA) habar bermegine görä, dünýä çempionaty 25-nji awgust-10-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Basketbol boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek bu ýaryş birbada 3 döwletde geçiriler. Çempionatyň topardaky oýunlary Filippinlerde, Ýaponiýada we Indoneziýada geçiriler. Final duşuşygy bolsa Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde bolar.

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär