JEMGYÝET

«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, tejribeli itşynaslar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak, assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi.

Maslahatyň barşynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi, onuň gün tertibiniň beýleki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça çözgütler çykaryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi. Ses bermegiň netijesi boýunça ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.

Soňra assosiasiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysyna söz berildi. Ol bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, täze assosiasiýanyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri babatda garaýyşlary, onuň maksatlary hem-de meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Alabaýlaryň itleriň iň gadymy tohumlarynyň biridigi, muny bolsa Türkmenistanyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde we beýlekilerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylaryň hem tassyklaýandygy bellenildi. Ýakynda Daňdanakanda — Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşen taryhy oturymly ýerde tapyndylaryň biri ýüze çykaryldy — ol kinniwanja heýkeljik bolup, onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen, alabaýlar diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, nusgalyk batyrlyk we çäksiz wepadarlyklaryny görkezdiler. Şeýle häsiýetleri netijesinde, ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde hormatly orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy