Baý-bu-uw, ata-ene bolmagyň nähili uly jogapkärçiligi bar eken! Sen ähli meselede çagalaryňa görelde, onda-da gowy görelde bolmaly. Çagalar «mawy ýaýlymdaky» multfilme nähili gyzyklanma bilen tomaşa edýän bolsa, seni hem edil şeýle gyzyklanma bilen synlaýar. Hereketleriňden özüne ýaraýanyny saýlap alýar-da, şol hereketiň «üstünde işleýär». Heniz durmuş gurmankaň synlanylýandyryn öýdersiň welin, ine, hakyky synçylar indi peýda boldy. Olar ― çagalar.
Çagalarymyzyň akylly, terbiýeli, başarjaň, şol sanda hatly-sowatly, mümkin boldugyndan, ylymly adam bolup ýetişmegini her birimiz isleýäris. Ilkinji isleglerimiziň (belki, talaplarymyzyň) biri hem olaryň kitap okamagy endik edinmegi.
Hany, öz çagalygymyzy ýatlalyň! Biz kitap okamagy haýsy sebäbe görä söýdük? Belki, özümizden uly doganlarymyzyň ýa mugallymlarymyzyň, ýa-da ata-enemiziň okap beren gyzykly kitaplary, belki-de, size satyn alnyp berlen (ýa-da kitaphanada okan) suratly kitaplar täsir edendir. Garaz, näme-de bolsa bir zat täsir edipdir. Diýmek, sizden öňküler bu gün siziň başarmak isleýän zadyňyzy başarypdyrlar.
Okamak biziň üçin çagalykda güýmenje ýaly görnen hem bolsa, bu gün onuň düýbünden başga zatdygyna aňryýany bilen düşünýäris. Okamagy söýýän çaga durmuşda köp zada beýleki deň-duşlaryndan ir göz ýetirýär. Üstesine-de, ol özünde okamak arkaly öwrenmek, kämilleşmek başarnygyny edinýär.
Eýsem, biz nädip çagalarymyzda kitap okamak endigini ösdürmeli? Kyn we akylly-başly çemeleşilmeli mesele. Çünki telewizor, multfilm, kompýuter we telefon oýunlary ýaly çagany okamakdan sowup biljek zatlar daş-töweregimizde juda kän. Şunça zady ýeňip, edil gije-gündiz kitabyň başyndan galman oturmasa-da, günde birnäçe sahypa okaýan çagany nähili ýetişdirmeli? Bu barada dünýä tejribesine nazar aýlap, berilýän ýüzlerçe maslahatyň käbirini belläp aldyk. Okaň, tanyş boluň, belki, size-de peýdasy deger.
- Ol siziň kitap okap oturanyňyzy görýärmi? Çagalar aýdylanlardan däl-de, hereketlerden has köp täsirlenýärler. Sizi kitap okap otyrkaňyz gören çaga bu endigiň peýdasy barada «pikir öwrer», wagtyň geçmegi bilen kitap okamak onuň üçin gyzykly güýmenjä öwrüler. Goý, güýmenjedir öýtsün! Maksadyňyz onuň kitap okamagyny gazanmak dälmi? Çagalar (hatda ulular hem) güýmenjelerden lezzet alýar. Bu onuň üçin gyzykly bolar, peýdasyna bolsa wagty gelende göz ýetirer.
- Ýaltanman, kitap okap beriň! Ählimiz çagalara, esasan hem, uklamazyndan ozal kitap okap bermegiň, olaryň hyýal güýjüni kämilleşdirýändigini bilýäris. Ýöne munuň yzygiderli bolmagy gerek. Ilki siz her gün birnäçe sahypa okap beriň, soň onuň özi okamaga endik ediner.
- Özara gürrüňdeşlikde okan kitaplaryňyzdan mysallary getiriň. Ýöne bir zada üns bermeli. Şeýtjek bolup, olary yzygiderli synaga salmaly däl, bu ýagdaý çagany ýadadar. Hatda kitap okamakdan sowaşdyryp biler. Şonuň üçin oňa okalan ýerlerden sowal bermäň-de, ýeri gelende, «Bilýäňmi, şeýle ýagdaýdan Akpamyk nähili baş alyp çykypdy?», «Köp iýip, Ýartygulagyň myhmanlarynyň nä güne düşendigi ýadyňdamy?» diýen ýaly, synagdygyny bildirmeýän sowallar bilen ýüzleniň! Garaz, kitapdaky gahrymanlardan durmuşyňyzda hem peýdalanmaga çalşyň! Şeýlelikde, çaganyň okan zatlaryny ýene bir ýola aňynda aýlamagyny we indiki kitaby has höwesli ele almagyny gazanarsyňyz.
- Çagaňyza gündelik ýöretmegi öwrediň. Aslynda, okamak bilen gündelik ýöretmek biri-biriniň üstüni ýetirýän endiklerdir. Goý, ýazylanlar juda ýöntem ýa-da gülkünç bolsun, ýöne çagaňyzyň gündeligine her gün nämedir bir zat ýazmagyny gazanjak boluň! Aslynda, gündelikde onuň her günki başdan geçiren bir gyzyklyja wakasy ýa-da okan ertekileridir şygyrlaryndan bölekler hem ýer alyp biler. Bu ýerde başga bir psihologiki ýagdaý bar: goý, çaga özüniň kitabyny ýazýandygyna ynansyn. Wagty gelende bu kitaby şahsy kitaphanaňyzdaky beýleki kitaplaryň arasynda goýup, wagtal-wagtal hem «okap» dursaňyz, bu oňa örän ýarar we onda täze «eserleri» döretmek höwesi dörär. Eser döretmek üçin hem ilkinji şert ― okamak! Kim bilýär, belki, geljegiň uly bir ýazyjysynyň ilkinji kitabynyň okyjysy siz bolup bilersiňiz.
- Onuň bilen bile kitap satyn alyň! Ýurdumyzda kitap dükanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Hatda soňky ýyllarda onlaýn kitap dükanlary hem döreýär. Ýöne siz we çaga üçin iň peýdalysy dükana ýörite gitmek. Goý, halan kitabyny alsyn. Dükanda, mümkin boldugyndan, köpräk eglenjek boluň! Eger kiçijik garbanyşhanasy bolan kitap dükanyna barsaňyz dagy, çagaňyzyň has köp kitaba göz aýlamagyny hem gazanyp bilersiňiz. Belki, birinji gezekde nähilidir bir kitaby gowy görüp alyp gaýtmagy şert hem däl, ýöne bir göz aýlap çyksa-da ýeterlik bolar. Indiki gezeklerde hökman onuň göwnünden turjak bir kitap tapylar we siz ony satyn alyp, öýde bileje okarsyňyz.
- Çagalar üçin ýörite neşirlere ýazylyň! Mysal üçin, «Nesil» gazetidir «Güneş» žurnalyna yzygiderli ýazylyň! Indi-hä, olary internetden ýükläp almak we kompýuterdir telefonda okamak mümkinçiligi hem döredi. Öýüňize gelen çagalar neşirini onuň gözüne iljek bir ýerde goýuň! Neşir we onuň içindäki her dürli gyzykly ýazgylar we güýmenjeler, gürrüňsiz, çagaňyzy özüne çeker. Üstesine, şu neşiriň täze sanlarynyň basymrak gelmegini hem islär. Siz bolsa onuň okamak endigini ösdürmekde ýene bir ädim öňe ilerlärsiňiz.
- Şahsy kitaphanaňyzy goraglamaň! Köpimiz muny tersine edýäris. Dogry, kitaplar, onda-da çeper eserler gymmatly hazyna. Şonuň üçin zaýalanmagyndan heder edip, olary çagamyzyň eliniň ýetip bilmejek ýerinde goýýarys ýa-da bukýarys. Öýümizdäki şahsy kitaphana hem olaryň elýeterinden beýikde. Hatda käbirimiziň kitaphanamyzdan uly adamlar hem elini ýokary uzadyp kitap almaly bolýar. Ýöne käbir kitaplaryň (mümkin boldugyndan, suratlyrak kitaplaryň) çagalaryň eliniň ýetäýjek we gözüniň düşäýjek ýerinde durmagynyň näme zyýany bar?! Şonuň üçin käbir kitaplary bilgeşleýinden şeýle ýerlerde goýuň! Ýöne saýlanylan kitabyň çaganyň ýaşyna we düşünjesine görä bolmagyna hem üns beriň!
- Maşgalada «kitap sagatlaryny» ýola goýuň! Günüň haýsy hem bolsa bir wagtyna bir sagat ýa ýarym sagat çemesi telewizordyr kompýuter söndürilip, öýde hemmeler kitap okasyn. Edip bolmajak zat däl. Kitaby bir adam sesli okap, başgalar diňläp hem ýa-da her kim öz saýlan kitabyny içinden sessiz okap hem biler. Esasy zat, goý, bu endik çagalarda täsir galdyrsyn we olar hem uýgunlaşsyn.
- Okap berenlerini ünsli diňläp, gyzyklanýandygyňyzy bildiriň. Bu ýagdaý çagalar üçin uly baýrakdyr. Şonuň üçin hem olar her gezek bir zat okap berenlerinde ünsli diňläň! Arasynda käbir sowallary beriň, goý, okaýan zadyna özi hem gyzyksyn.
- Filme öwrülen kitaplary okaň, yzyndan hem filmine tomaşa ediň! Mysal üçin, «Mämmet jan», «Ýartygulak», «Akpamyk» ýaly ertekileri ilki okap beriň. Soňra şol ertekiler esasynda surata düşürilen filmlere bilelikde tomaşa ediň! Goý, meňzeşlikleri we tapawutly ýerlerini saýgarsynlar. Şeýlelikde, olar okamagyň tomaşa etmekden has peýdalydygyna göz ýetirerler. Çünki filmden käbir aýratynlyklar gözden sypyp biler, emma olar kitapda bar. Onsoň hem kitapda okalanlar bu wakanyň asyl nusgasy. Çaga iň gowy nusganyň kitaplarda ýazylýandygyna ynanar.
* * *
Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, biz meşhur psihologlaryň berýän maslahatlarynyň diňe käbirine, has dogrusy, 10 sanysyna salgylandyk. Ýöne şu maslahatlara eýermegiň hem nepiniň degjekdigine ynanýarys.
Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.