SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurt gatnawlary 20-nji maýa çenli ýatyryldy

Türk howaýollary kompaniýasynyň daşary ýurt gatnawlaryny 2020-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli yza süýşürendigi mälim edildi. Kompaniýanyň resmi internet sahypasynda bu barada şeýle beýanat berildi: “Koronawirus keseliniň ýaýramagy sebäpli resmi ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara laýyklykda, raýatlaryň saglygy göz öňünde tutulyp, ähli daşary ýurt gatnawlary 2020-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli togtadyldy”.

Şeýle hem beýanatda içerki gatnawlaryň bolsa 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli togtadylandygy beýan edildi.

Related posts

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy ýerine ýetirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan Russiýa 31-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlaýar

Ata Watan Eserleri