SIZDEN GELENLER

Şöhratly ata- babalarymyz

Türkmen halkynyň şanly geçmişinde ady taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan ýüzlerçe gahrymany bar. Olaryň biri hem Alp Är Tungadyr. Ol barada taryhy çeşmelerde köp maglumat ýok diýseň hem bolar. Emma halkyň hakydasynda hem käbir taryhy ýazgylarda ol barada az sanly gymmatly maglumat saklanypdyr. Ilki bilen biz bu şahsyýet bilen tanşalyň . Ony esasan şeýle suratlandyrýarlar.  Alp Är Tunga türki halklaryň mifologiki gahrymany diýýärler. Ol barada Mahmyt Kaşgarlynyň “ Diwany Lugat at-Türk” eserinde şeýle setirler bar.

Alp Är Tunga öldümi ?

Dünýä çolap galdymy ?

Pelek aryny aldymy ?

Indi ýürek ýyrtylar…

Mundan başga-da Ýusup Has Hajybyň ( Balasagunly) ” Kutadgu- Bilig” eserinde hem onuň türkmendigi nygtalýar. Kutadgu Biligde şeýle setirler bar dünýäde iň adyl hökümdarlar biziň ýagny türkmenleriň hökümdarlarydyr . Olaryň arasynda hem has meşhurlyk gazanany Tunga Alp Ärdir. Ýagny Ýusup Balasagunly ony Tunga Alp Är diýip atlandyrýar. Öňki döwürlerde Alp Är Tunga barada dessan bar eken ýöne gynansakda ol häzirki günlere ýetip gelmändir. Onuň barada maglumaty esasan Abulkasym Firdöwsiniň “ Şanama “ atly eserinde getirilipdir. Eserde oňa Asfariýab diýip atlandyrypdyr. Emma Ýusup Balasagunly hem-de Mahmyt Kaşgarlynyň eserlerinde Asfariýabyň aslynda Alp Är Tungadygy nygtalýar. Ol barada “ Kutadgu – Biligde” şeýle setirler bar: parslar oňa Asfariýab diýýärler. Ol öwüdi diňlenýän parasatly bir hökümdardy.  Göktürkmenler, Gaznalylar, Garahanlylar hem-de Seljuklar ony öz ata- babalary hökümünde ykrar edipdirler. Alp Är Tunganyň adynyň manysy şeýle bolýar. Alp- gahryman, söweşiji, batyr.  Är- erkek adam, esger, ýigit. Tunga- gaplaň diýen manylary berýär. Häzirki döwrüň käbir taryhçylary Assiriýa taryhy ýazgylarynda Maduwa, Geredotyň Madýes diýip hem-de orta asyr taryhçysy Jüweýniniň oňa Bükü han diýip atlandyranlygy baradaky pikirleri goldaýarlar. Esasy zat bu şahsyýetiň taryhda bolup geçendigi ýa-da hyýaly bir gahrymandygy däl-de, biziň taryhymyz bilen baglanşyklylydyr. Onuň durmuşynda türkmen halkynyň geçmişde nähili durmuşda ýaşanlyklary we däp-dessurlary barada birnäçe gymmatly maglumatlar bar.

Makalany taýýarlan Myrat HOJATOW

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady