TEHNOLOGIÝA

Indi zibil sebetleri hem «akylly»

Russiýanyň «Binoloji» kompaniýasy «SmartCity Bin» nyşanly «akylly» zibil sebetleriniň nusgasyny işläp düzdi.

Bu enjam agaç, metal, plastik, aýna we iýmit galyndylaryny awtomatik usulda saýgaryp-saýlap, aýry-aýrylykda ýygnamaga ukyplydyr.

Ol Gün energiýasy arkaly özbaşdak ýagdaýda işleýär. Onuň beýikligi 169 santimetr bolup, ini 73,7 santimetre, agramy bolsa 230 kilograma deňdir.

Bu sebetler web-interfeýs ulgamy bilen üpjün edilip, sebetlerde ýygnalan zibilleriň görnüşleri, onuň doluş derejesi hakyndaky maglumatlar operatorlar tarapyndan doly gözegçilikde saklanylýar.

Related posts

“Lightyear 0” ilkinji “Gün” awtoulagy

“Ga­laxy S24” tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Wodorod bilen işleýän täsin ulag