TEHNOLOGIÝA

Awtoulag satuwy 11 göterim ýokarlandy

Dünýädäki iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda awtoulag pudagyny täzeden dikeltmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle işleriň netijesinde hem Hytaýda awtoulag satuwynyň awgust aýynda satuw 11 göterim ýokarlandy. Epidemiýanyň täsiriniň azalmagy bilen adaty ýagdaýa gaýdyp gelen ýurtda önümçilik gaýtadan başlandy we awtoulag öndürijilerine giň ýol açyldy.

Hytaý awtoulag öndürijiler birleşiginiň (CAAM) maglumatlaryna görä, geçen ýylyň awgust aýynda dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan Hytaýda 2,19 million awtoulag satyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýyl satuwda 11 göterim ösüş boldy. Hasabatlara görä, ilkinji 8 aýda 14,55 million awtoulag satyldy.

Beýleki tarapdan, täze elektrik awtoulag satuwy 25,8 göterim ýokarlanyp, 109 müňe ýetdi. Bu ösüş, esasanam Hytaýda elektrik awtoulaglaryna maýa goýýan uly markalar üçin geljegine uly ädim hökmünde düşündirildi.

Iýul aýynda täze rekord goýan Hytaý awtoulag bazary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,4 göterim ýokarlandy we 2,11 million awtoulag satdy.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi