DÜNÝÄ

Olimpiýa oýunlaryna hukuk gazanan türgenler indiki ýyl oýunlara gatnaşarlar

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulyp, ýöne yza süýşürilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanan türgenler 2021-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryna täzeden saýlama tapgyryny geçmezden gatnaşyp biljekdigini mälim etdi. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

– Tokioda geçiriljek oýunlara gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin saýlama tapgyryndan geçen türgenler bu hukugyny saklap galýarlar. Bu hem ýaryşyň “Tokio-2020” diýen adyny saklap galmagy bilen baglanyşyklydyr – diýip, Bah belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, 24-nji martda Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryny 2021-nji ýylda geçirmek barada karara gelipdi. Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin hukuk gazanan türgenler 57 göterimine deňdir. Oýunlara 11 müň türgen gatnaşar.

Related posts

“Newsweek” habarlar agentliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahaty geçiriler

GDA Agza Ýurtlaryň Hünär Bilim Edaralary : Täze Sanaw