DÜNÝÄ

84 ýyl şol bir kompaniýada işledi

Braziliýaly Uolter Ortmann 84 ýyldan gowrak şol bir kompaniýada işledi. Ol bu kompaniýa 15 ýaşynda işe durupdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilip geçildi.

Uolter “ReneauxView” kompaniýada ýük gatnadyjynyň kömekçisi hökmünde 1938-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda işe başlady.  Ol maşgalasyna maliýe taýdan kömek bermek maksady bilen ir ýaşynda işe giripdi.

Ol nemes dilini bilýändigi üçin ýuwaş-ýuwaşdan karýerasynyň basgançaklary bilen ýokary galýar. Ol wagtyň geçmegi bilen satyjy, soňra söwda boýunça menejer bolýar.

2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde Uolter Ortmann 100 ýaşady. Ol ýubileý ýaşyny dogan garyndaşlary we işdeş ýoldaşlary bilen belläp geçdi. Oňa şol bir kompaniýada uzak wagtlap işländigi üçin Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan degişli şahadatnama berildi.

 

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär