TEHNOLOGIÝA

7 milliardlyk ýitgi

Uçar we awtoulag hereketlendiriji (dwigatelleri) öndürýän “Rolls Royce” kompaniýasy ýylyň birinji ýarymynda 7 milliard dollard ýitgi çekendigi barada habar berdi. “Rolls Royce” koronawirus pandemiýasy sebäpli üstümizdäki ýylyň ilkinji 6 aýynda rekord derejede ýitgi çekdi we munuň öňüni almak üçin käbir emläklerini satmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň beýanatynda salgytdan öňki 7 milliard dollarlyk ýitgisiniň, satuwyň azalmagy we kompaniýanyň esasy uçar hereketlendirijisiniň hümmetiniň peselmegi sebäpli walýuta goraglaryny duruzmak üçin tölenen töleg bilen ýokarlanandygyny aýtdy.

Bu kompaniýa emläginiň bir bölegini Ispaniýanyň “ITP Aero” kompaniýasyna satmagy bilen 18 aýda 2 milliard ýewro gazanmagyny meýilleşdirýär. “Rolls Royce” kompaniýasynyň ýöriteleşen giň göwrümli uçarlara bolan islegiň azalmagy bilen zawodlaryny ýapyp, işgärlerini çykarmaga başlady.

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler